Ebu Salyh As-Samman şeýle diýdi: “Men (bir gezek) Ebu Sa’yd El-Hudrynyň (Allah ondan razy bolsun) juma güni, adamlar (onuň öňünden geçmez ýaly), bir zady öňünde sütre hökmünde goýup, namaz okap durşuny gördüm. Şonda Benu Ebu Mu’aýt taýpasyndan bir ýaş ýigit onuň öňünden geçjek boldy, ýöne Ebu Sa’yd onuň döşünden itekläp goýberdi. Ýigit töweregine göz aýlady, ýöne başga geçer ýaly ýer görmänden soň, ol ýene-de onuň öňünden geçmäge synanyşdy, ýöne Ebu Sa’yd ony öňküden hem beter itekläp goýberdi. Soňra ol ýigit (gaharlanyp), Ebu Sa’yda sögüp çykyp gitdi. (Medinäniň häkimi) Merwanyň ýanyna baryp, Ebu Sa’ydyň eden işini gürrüň berip, onuň üstünden şikaýat etdi. Onuň yz ýanyndan Merwanyň ýanyna Ebu Sa’yd geldi. Merwan ondan “Eý Ebu Sa’yd, bu doganyň ogly bilen araňyzda näme boldy?” diýip sorady. Ol “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim: “Sizden haýsydyr biriňiz, adamlar (öňünden geçmez ýaly), bir zady öňünde sütre goýup, namaz okap başlandan soň, kimdir biri onuň öňünden geçjek bolsa, (namaz okaýan adam) ony gaýtarsyn (geçirmesin). Eger boýun egmese, oňa garşy göreşsin, sebäbi ol şeýtandyr! ” diýdi.