"Abdulla ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem, Usama ibn Zeýd, Bilal we Osman ibn Talha El-Hajabiý bilen bilelikde Käbäniň içine girdiler. Soňra (Osman) gapyny ýapdy we bir salym ol ýerde galdylar. Bilal (daşaryk) çykansoň, men ondan “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (ol ýerde) näme işledi?” diýip soradym. Ol şeýle diýdi: “Ol bir sütüni çep tarapyna, ýene bir sütüni sag tarapyna, üçüsini bolsa arkasyna alyp, namaz okady” diýdi. Şol wagtlar Käbäniň alty sany sütüni bardy.
Başga bir rowaýatda “...sag tarapyna iki sütüni (geçirip)...” diýip gelýär.
"