"Nafi’dan rowaýat edilmegine görä, Abdulla ibn Omar (Allah olardan razy bolsun) şeýle habar beripdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem Umra ýa-da Haja giden wagtynda, Zul-Hüleýfe-de mesjidiň gurlan ýerindäki Samura agajynyň aşagynda düşlärdi. (Şeýle hem) söweşden soň ýa-da Haç we Umra edeninden soň, bu ýollardan yzyna gaýdyp gelende, “Batn Wadiniň” içinden ýörärdi. “Batn Wadiden” ýokaryk çykanda, Wadynyň gündogar tarapyndaky Bathada, (ýagny gumly ýerde) düýesini çökerip, daň atýança dynç almak üçin şol ýerde düşlärdi.
Onuň dynç alan ýeri Daş mesjidiniň ýanynda däldi we üstünde (soň) mesjid gurlan depäniň ýanynda-da däldi. Abdulla bu Wadiniň iň pes ýerinde gumlaryň üýşen bir ýerinde namaz okardy. Çünki ol ýerde Resulullah sallallahu aleýhi wesellem hem namaz okar eken. Soňra Abdulla ibn Omaryň namaz okan ýerinde, Batha tarapdan sil gele-gele ol ýeri – Abdullanyň namaz okan ýerini (bilinmejek şekilde) tekizläpdir”.
"