Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Jemagatly okalan namazyň öýde ýa-da bazarda okalan namazdan (sogaby) ýigrimi bäş esse artykdyr. Eger-de bir adam gowy edip täret alandan soňra, diňe namaz okamak niýeti bilen mesjide barsa, tä mesjide girýänçä, äden her bir ädimi üçin Allah ony bir dereje beýgelder we bir günäsi aýrylar. Mesjide girip, namaza garaşyp durdugyça, namazda ýaly hasap ediler. Namaz okan ýerinden aýrylmasa, perişdeler oňa tä täretini bozýança “Allahym, ony bagyşla! Allahym, oňa rehim et!” diýip, doga-dileg edip durarlar”.