474

84-nji bap

474

84-nji bap

474

84-nji bap

Ebu Wakyd El-Leýsiden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem mesjitde (adamlar bilen bile) otyrka, üç sany adam geldi. Olaryň ikisi Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme tarap ýöredi, üçünjisi bolsa çykyp gitdi. Iki adamyň biri tegelenip oturan adamlaryň arasynda bir boş ýeri görüp, şol ýerde oturdy. Beýlekisi bolsa adamlaryň arkasyna, yza geçip oturdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sözüni tamamlandan soň: “Size üç adam hakynda habar bereýinmi?” diýdi: “Olaryň biri Allaha sygyndy, Allah hem ony Öz penasyna aldy. Beýlekisi (adamlary biynjalyk etmekden) utandy, Allah hem oňa (azap bermekden) utandy. Emma üçünjisi (bu mejlisinden) ýüz öwürdi, Allah hem ondan ýüz öwürdi” diýdi.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، قَالَ: أَخْبَرَنَا مَالِكٌ، عَنْ إِسْحَاقَ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ أَبِي طَلْحَةَ، أَنَّ أَبَا مُرَّةَ مَوْلَى عَقِيلِ بْنِ أَبِي طَالِبٍ، أَخْبَرَهُ عَنْ أَبِي وَاقِدٍ اللَّيْثِيِّ، قَالَ: بَيْنَمَا رَسُولُ اللَّهِ ﷺ فِي المَسْجِدِ فَأَقْبَلَ ثَلاَثَةُ نَفَرٍ، فَأَقْبَلَ اثْنَانِ إِلَى رَسُولِ اللَّهِ ﷺ وَذَهَبَ وَاحِدٌ، فَأَمَّا أَحَدُهُمَا، فَرَأَى فُرْجَةً فِي الحَلْقَةِ، فَجَلَسَ وَأَمَّا الآخَرُ فَجَلَسَ خَلْفَهُمْ، فَلَمَّا فَرَغَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ قَالَ: أَلاَ أُخْبِرُكُمْ عَنِ النَّفَرِ الثَّلاَثَةِ؟ أَمَّا أَحَدُهُمْ: فَأَوَى إِلَى اللَّهِ، فَآوَاهُ اللَّهُ، وَأَمَّا الآخَرُ: فَاسْتَحْيَا فَاسْتَحْيَا اللَّهُ مِنْهُ، وَأَمَّا الآخَرُ: فَأَعْرَضَ فَأَعْرَضَ اللَّهُ عَنْهُ.