"Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem münberiň üstünde otyrka, bir adam ondan “Gije okalýan namaz hakda näme aýdyp bilersiňiz?” diýip sorady. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) “Iki-ikiden okaň. Eger daňyň atmagyndan heder etseňiz, onda umumy sany täk bolar ýaly, ýene bir (rekagat namaz) okaň!” diýdi.
Şeýle hem (Ibn Omar Allah ondan razy bolsun köplenç) “Gije okaýan namazyňyzyň iň soňuny bir rekagat bilen tamamlaň, çünki muny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem emr etdi” diýerdi”.
"