Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Kimde-kim iman edip (ynanyp), sogabyny hem Allahdan umyt eden halynda bir musulmanyň jynazasyna gatnaşsa we jynaza namazyny okap, jaýlanandan soň gaýdyp gelse, sogabynyň her biri Uhud dagy ýaly bolan iki kyrat sogap bilen gaýdyp geler. Kimde-kim jynaza namazyny okap, jaýlanmazdan öň gaýdyp gelse, bir kyrat sogap bilen geler”.