463

77-nji bap

463

77-nji bap

463

77-nji bap

Aişadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Handak söweşi güni, (Sa’d ibn Mu’az Allah ondan razy bolsun) golundan agyr ýaralandy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ony ýakyndan zyýarat edip durmak üçin mesjidiň içinde (onuň üçin aýratyn) bir çadyr gurdy. Benu Gifar taýpasynyň adamlarynyň hem, hiç zat olary (gorkuzyp) biynjalyk etmez ýaly, aýratyn çadyrlary bardy. Haçan-da, (Sa’dyň gany) olara tarap akyp başlanda, olar “Eý, çadyrdakylar! Sizden bize tarap akyp gelýän gan näme?” diýdiler. Soňra baryp görseler, Sa’dyň (Allah ondan razy bolsun) ýarasyndan gan akyp, onuň içinde ölüp galypdyr”.

حَدَّثَنَا زَكَرِيَّاءُ بْنُ يَحْيَى، قَالَ: حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ نُمَيْرٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا هِشَامٌ، عَنْ أَبِيهِ، عَنْ عَائِشَةَ، قَالَتْ: أُصِيبَ سَعْدٌ يَوْمَ الخَنْدَقِ فِي الأَكْحَلِ، فَضَرَبَ النَّبِيُّ ﷺ خَيْمَةً فِي المَسْجِدِ، لِيَعُودَهُ مِنْ قَرِيبٍ فَلَمْ يَرُعْهُمْ وَفِي المَسْجِدِ خَيْمَةٌ مِنْ بَنِي غِفَارٍ، إِلَّا الدَّمُ يَسِيلُ إِلَيْهِمْ، فَقَالُوا : يَا أَهْلَ الخَيْمَةِ، مَا هَذَا الَّذِي يَأْتِينَا مِنْ قِبَلِكُمْ؟ فَإِذَا سَعْدٌ يَغْذُو جُرْحُهُ دَمًا، فَمَاتَ فِيهَا.

Salgylanma:

“• Handak söweşi 627-nji ýylda musulmanlar bilen kureýşlileriň arasynda bolup geçýär. Selmän El-Farisi (Allah ondan razy bolsun) atly bir sahabanyň maslahaty bilen, Medinede uzyn bir çukur gazylýar. Handak diýmek çukur diýmekdir. • Sa’d ibn Mu’az (Allah ondan razy bolsun) Ewus taýpasynyň baştutany, meşhur sahabadyr. • Golundan geçýän arteriýa damary kesilip, agyr ýaralanypdyr. ”