458

72-nji bap

458

72-nji bap

458

72-nji bap

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir wagtlar mesjidi süpürip, arassalap ýören bir gara adam ýa-da bir gara aýal wepat boldy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ol hakda sorady. “Ol öldi, (Ýa Resulullah)” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Siz näme üçin ony maňa habar bermediňiz? Maňa onuň gabryny görkeziň?” diýdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň gabrynyň üstüne baryp, jynaza namazyny okady”.

حَدَّثَنَا سُلَيْمَانُ بْنُ حَرْبٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا حَمَّادُ بْنُ زَيْدٍ، عَنْ ثَابِتٍ، عَنْ أَبِي رَافِعٍ، عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ: أَنَّ رَجُلًا أَسْوَدَ أَوِ امْرَأَةً سَوْدَاءَ كَانَ يَقُمُّ المَسْجِدَ فَمَاتَ، فَسَأَلَ النَّبِيُّ ﷺ عَنْهُ، فَقَالُوا: مَاتَ، قَالَ: أَفَلاَ كُنْتُمْ آذَنْتُمُونِي بِهِ دُلُّونِي عَلَى قَبْرِهِ - أَوْ قَالَ قَبْرِهَا -، فَأَتَى قَبْرَهَا فَصَلَّى عَلَيْهَا.