"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, bir gün Barira , azatlygyny satyn almak hakyndaky ylalaşygy barada (kömek sorap), Aişanyň ýanyna geldi. Aişa oňa “Isleseň, men seniň galan (bergiňi bereýin), ýöne welin “wilä” (azat edilen guluň emlägini miras almak hukugy) meniňki bolar” diýdi. Beriräniň eýeleri “Isleseň, onuň galan bergisini berip bilersiň!” diýdiler.
(Hadysy rowaýat eden Sufýan başga bir rowaýatda “Isleseň, ony azat edip hem bilersiň” diýipdirler, diýdi...), ýöne welin “wilälik” hukugy bizde galar diýdiler”. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem gelende, (Aişa) oňa bu hakda gürrüň berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “Sen ony satyn al-da, azat et, çünki “wilä” (azat edilen adamyň emlägini miras almak hukugy diňe) azat eden adama galýandyr” diýdi. Soňra Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem münbere çykyp: “Näme üçin käbir adamlar Allahyň kitabynda ýok şertleri goýýarlar? Kim Allahyň kitabynda ýok şertleri goýsa, eger-de ol ýüz sany şert goýan hem bolsa, onuň üçin hiç hili peýdasy ýokdur” diýdi.
"