45

35-nji bap

45

35-nji bap

45

35-nji bap

"Omar ibn Hattabdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ýehudylardan bir adam oňa şeýle diýipdir: “Eý, mu’minleriň Emiri! Siziň Kitabyňyzda okaýan bir aýatyňyz bar. Eger ol (aýat) biz ýehudylara inen bolsady, onda biz ol güni baýaram edip bellärdik”. (Omar) “Haýsy aýat?” diýip sorady. Ol “Men bu gün siziň üçin diniňizi kämil etdim we size (dini kämil etmek bilen), Öz nygmatymy doly berdim hem-de siziň Yslam dininde bolmagyňyza razy boldum” {Mäide:3} aýaty aýdyp berdi”. Omar şonda şeýle diýdi: “Biz bu aýatyň Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme inen gününi we ýerini bilýäris. Ol Juma güni Arafada durka inipdi”."

حَدَّثَنَا الحَسَنُ بْنُ الصَّبَّاحِ، سَمِعَ جَعْفَرَ بْنَ عَوْنٍ، حَدَّثَنَا أَبُو العُمَيْسِ، أَخْبَرَنَا قَيْسُ بْنُ مُسْلِمٍ، عَنْ طَارِقِ بْنِ شِهَابٍ، عَنْ عُمَرَ بْنِ الخَطَّابِ، أَنَّ رَجُلًا، مِنَ اليَهُودِ قَالَ لَهُ: يَا أَمِيرَ المُؤْمِنِينَ، آيَةٌ فِي كِتَابِكُمْ تَقْرَءُونَهَا، لَوْ عَلَيْنَا مَعْشَرَ اليَهُودِ نَزَلَتْ، لاَتَّخَذْنَا ذَلِكَ اليَوْمَ عِيدًا. قَالَ: أَيُّ آيَةٍ؟ قَالَ: ﴿اليَوْمَ أَكْمَلْتُ لَكُمْ دِينَكُمْ وَأَتْمَمْتُ عَلَيْكُمْ نِعْمَتِي وَرَضِيتُ لَكُمُ الإِسْلاَمَ دِينًا﴾ [المائدة: 3] قَالَ عُمَرُ: «قَدْ عَرَفْنَا ذَلِكَ اليَوْمَ، وَالمَكَانَ الَّذِي نَزَلَتْ فِيهِ عَلَى النَّبِيِّ ﷺ، وَهُوَ قَائِمٌ بِعَرَفَةَ يَوْمَ جُمُعَةٍ «