"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:
“Lä ilähä illallah” diýip, kalbynda bir arpa dänesiniň agramy ýaly haýyr, (ýagny imany) bolan adam dowzahdan çykar.
“Lä ilähä illallah” diýip, kalbynda bir bugdaý dänesiniň agramy ýaly haýyr bolan adam dowzahdan çykar.
“Lä ilähä illallah” diýip, kalbynda zerre agramy ýaly haýyr bolan adam hem dowzahdan çykar.
Başga bir hadysda bolsa “haýyr” sözüniň ýerine “iman” sözi gelýär”."