"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir wagtlar) arap taýpalarynyň birine degişli bir gara gyrnak bardy. Ony azat edenlerinden soň hem, ol (şol ýerde) olar bilen bile galypdyr.
(Ol aýal) şeýle gürrüň berdi: “Günleriň birinde bir gyzjagaz deriden bejerilip, merjen däneleri bilen bezelen bir gyzyl reňkli guşagy dakynyp, (öýden) çykdy. Ol gyzjagaz guşagyny (ýa özi ýerde) goýdy, (ýa-da guşak ondan ýere gaçdy). Soň bir ýerden bir algyr guşy (korşun) uçup geldi-de, onuň (ýerde ýatan) guşagyny görüp, ony (bir bölek) etdir öýdüp alyp gitdi. Adamlar ony gözläp başladylar, ýöne tapyp bilmediler. Soňra olar töhmet edip, (ony meniň üstüme atdylar)”.
(Aişa şeýle diýdi): “Olar onuň hemme ýerini, hatda uýat ýerlerine çenli açyp gözläpdirler”.
(Soňra ol aýal) şeýle diýdi: “Allahdan ant içýärin, men olaryň arasynda durkam, (ýene-de üstümizden) şol ýaňky algyr uçup, guşagy taşlap geçdi. Guşak edil olaryň ortalaryna düşdi”. Men (olara) “Ine, men alandyr öýdüp, töhmet atan zadyňyz. Men ony almadym, meniň günäm ýokdy. Ine-de, şol (ýitiren zadyňyz) diýdim.”
(Aişa şeýle diýdi): “Soňra ol aýal Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip, musulman boldy”.
(Aişa ýene-de şeýle diýdi): “Onuň mesjitde bir çadyry (ýa-da kiçijik külbesi) bardy we ol, köplenç, meniň bilen gürleşmäge gelerdi. Hemişe (ol aýal) meniň bilen oturanda, şu goşgyny okardy:
“We ýäwmäl-wişähi min ä’ajibi Robbinä...Älä innähu min bäldätil-kufri änjäni”
(Guşak (wakasy) güni Robbumyň gudratlaryndan ýene biri ... Onuň meni şol kapyr ýurtdan halas etmegidir).
Soňra (Aişa şeýle diýdi): “(Bir gün) men ondan “Sen, näme üçin her gezek meniň bilen oturan wagtyň, şu goşgyny gaýtalaýarsyň?” diýenimde, ol maňa bu wakany gürrüň berdi”.
"