Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (mesjidiň) kybla tarapynda tüýkülik gördi. Derrew ony eli bilen gazap (aýyrdy). Onuň muny gaty ýigrenendigi (ýüzünden) belli boldy ýa-da Onuň muňa gaty gahary geldi, hatda (gahary) ýüzüne çykdy. Soňra Ol şeýle diýdi: “Siziň biriňiz namaz okamaga duran wagty, Robbuna mynajat edýändir, (ýagny Robby bilen gizlin söhbetdeşlige girýändir ýa-da onuň Robby (namazda) özi bilen kyblasynyň arasynda bolýandyr. Şonuň üçin hem hiçkim kybla tarapyna tüýkürmesin. (Eger-de tüýkürmekçi bolsa-da), çepine ýa-da aýagynyň aşagyna tüýkürsin!”. Soňra Ol donunyň bir ujuny alyp, onuň içine tüýkürdi we beýleki tarapy bilen ony epläp: “Ýa-da şeýle etsin!” diýdi.