Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (mesjidiň) kybla tarapynda tüýkülik gördi. Onuň muňa gaty gahary geldi, hatda (gahary) ýüzüne çykdy. Ol ýerinden turup, ony eli bilen gazap aýyrdy we şeýle diýdi: “Siziň biriňiz namaza duran wagty, Robbuna mynajat edýändir, (ýagny Robby bilen gizlin söhbetdeşlige girýändir) ýa-da (şol wagt) onuň Robby, özi bilen kyblasynyň arasynda bolýandyr. Şonuň üçin hem hiç kim kybla tarap tüýkürmesin, ýöne (eger-de tüýkürmekçi bolsa), çepine ýa-da aýaklarynyň aşagyna tüýkürsin!” diýdi. Soňra donunyň bir gyrasynyň ujuny tutup, onuň içine tüýkürdi, beýleki tarapy bilen hem onuň üstüni ýapyp, “Ýa-da şeýle etsin!” diýdi”.