402

32-nji bap

402

32-nji bap

402

32-nji bap

"Omar ibn Hattabdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Meniň isleglerim üç ýerde Robbumyň (islegleri bilen) gabat geldi”. (Bir gün) men “Ýa Resulallah! Makamy Ybrahymy” namaz okalýan ýer edinsedik?!” diýdim. Şondan soň şu aýat indi: “Siz Ybrahymyň makamyndan (özüňize) namaz ýeri ediniň!” {Bakara:125}. Şeýle hem hijab aýaty. (Bir gün) men “Ýa Resulallah! Aýallaryňa hijap daňynmaklaryny emr etseňiz! Çünki, olar bilen gowy adamlaram, erbet adamlaram gürleşýär” diýdim. Şondan soň Hijab hakynda aýat indi. (Üçünjisi bolsa bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýallary oňa gabanjaňlyk görkezmek üçin Onuň garşysyna dilleşdiler. Men olara “Eger-de Ol sizden aýrylyşsa, belki, onuň Perwerdigäri oňa sizden has gowusyny bermegi mümkin!” diýdim. Şondan soň hem şu aýat indi ”. "

حَدَّثَنَا عَمْرُو بْنُ عَوْنٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا هُشَيْمٌ، عَنْ حُمَيْدٍ، عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ، قَالَ: قَالَ عُمَرُ بْنُ الخَطَّابِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْه: وَافَقْتُ رَبِّي فِي ثَلاَثٍ : فَقُلْتُ يَا رَسُولَ اللَّهِ، لَوِ اتَّخَذْنَا مِنْ مَقَامِ إِبْرَاهِيمَ مُصَلًّى، فَنَزَلَتْ: ﴿وَاتَّخِذُوا مِنْ مَقَامِ إِبْرَاهِيمَ مُصَلًّى﴾ )البقرة (125 وَآيَةُ الحِجَابِ، قُلْتُ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، لَوْ أَمَرْتَ نِسَاءَكَ أَنْ يَحْتَجِبْنَ، فَإِنَّهُ يُكَلِّمُهُنَّ البَرُّ وَالفَاجِرُ، فَنَزَلَتْ آيَةُ الحِجَابِ، وَاجْتَمَعَ نِسَاءُ النَّبِيِّ ﷺفِي الغَيْرَةِ عَلَيْهِ، فَقُلْتُ لَهُنَّ: عَسَى رَبُّهُ إِنْ طَلَّقَكُنَّ أَنْ يُبَدِّلَهُ أَزْوَاجًا خَيْرًا مِنْكُنَّ، فَنَزَلَتْ هَذِهِ الآيَةُ. قَالَ أَبُو عَبْدِ اللَّهِ: وحَدَّثَنَا ابْنُ أَبِي مَرْيَمَ، قَالَ: أَخْبَرَنَا يَحْيَى بْنُ أَيُّوبَ، قَالَ: حَدَّثَنِي حُمَيْدٌ، قَالَ: سَمِعْتُ أَنَسًا بِهَذَا.

Salgylanma:

“• Robbum – Perwerdigärim. Ýagny Allahym. Makamy Ybrahym – Käbäniň ýanynda, Ybrahym aleýhissalamyň Käbäni guran wagty duran ýeri. • Ahzab : 59 • Tahrym: 5 ”