401

31-nji bap

401

31-nji bap

401

31-nji bap

"Abdulla ibn Mes’uddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namaz okady. (Hadysy rowaýat edenleriň biri Ybrahym An-Nahagy “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namazy ýa kem ýa-da artyk okady” diýdi). Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (egnine) salam berenden soň, (adamlar) Ondan “Eý, Allahyň Resuly, namaza bir zat boldumy?” diýip soradylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara ýüzlenip: “Näme boldy?” diýip sorady. (Adamlar) Oňa “Sen şeýle şeýle okadyň!” diýdiler. Şonda ol aýaklaryny epläp, kybla tarap öwrüldi we iki rekagat sejde (sähw) edip, (ýene-de egnine salam berenden soň), bize tarap öwrülip şeýle diýdi: “Eger-de namaza bir zat bolan bolsady, hökman ony size habar bererdim, ýöne Menem siziň ýaly bir adamdyryn, siziň ýatdan çykarşyňyz ýaly, menem ýatdan çykarýaryn. Eger men (bir zady) unutsam, ony maňa ýatladyň. Içiňizde haýsydyr biriňiz namazda şübhelenip, (näçe rekagat okandygyny bilmese), dogrusy (şudur diýip) hasap edenini okap , namazyny tamamlasyn. Soňra salam berip, iki rekagat (goşmaça) sejde (sähw) etsin!”. "

حَدَّثَنَا عُثْمَانُ، قَالَ: حَدَّثَنَا جَرِيرٌ، عَنْ مَنْصُورٍ، عَنْ إِبْرَاهِيمَ، عَنْ عَلْقَمَةَ، قَالَ: قَالَ عَبْدُ اللَّهِ: صَلَّى النَّبِيُّ ﷺ - قَالَ إِبْرَاهِيمُ: لاَ أَدْرِي زَادَ أَوْ نَقَصَ - فَلَمَّا سَلَّمَ قِيلَ لَهُ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، أَحَدَثَ فِي الصَّلاَةِ شَيْءٌ؟ قَالَ: وَمَا ذَاكَ، قَالُوا: صَلَّيْتَ كَذَا وَكَذَا، فَثَنَى رِجْلَيْهِ، وَاسْتَقْبَلَ القِبْلَةَ، وَسَجَدَ سَجْدَتَيْنِ، ثُمَّ سَلَّمَ، فَلَمَّا أَقْبَلَ عَلَيْنَا بِوَجْهِهِ، قَالَ: إِنَّهُ لَوْ حَدَثَ فِي الصَّلاَةِ شَيْءٌ لَنَبَّأْتُكُمْ بِهِ، وَلَكِنْ إِنَّمَا أَنَا بَشَرٌ مِثْلُكُمْ، أَنْسَى كَمَا تَنْسَوْنَ، فَإِذَا نَسِيتُ فَذَكِّرُونِي، وَإِذَا شَكَّ أَحَدُكُمْ فِي صَلاَتِهِ، فَلْيَتَحَرَّ الصَّوَابَ فَلْيُتِمَّ عَلَيْهِ، ثُمَّ لِيُسَلِّمْ، ثُمَّ يَسْجُدُ سَجْدَتَيْنِ

Salgylanma:

“• Sen namazyň rekagatlaryny artdyryp ýa-da kemeldip, şunçarak rekagat okadyň diýdiler. • Namazda ýalňyşan wagtyň, iň soňunda iki sapar sejde etmeklige sejde sähw diýilýär. • Näçe rekagat okandygyny bilmän şübhelense, meselem, üç okadymmy ýa dört diýip şübhelense, gumany näçä gidýän bolsa, şondan başlap okasyn. Eger-de gumany ikisine-de deň gitse, ýagny üçem bolaýmagy mümkin, dördem diýip pikir etse, onda azyny, ýagny üçden dowam etdirsin. ”