"Ibn Şihab şeýle diýdi: “Maňa Ebu Seleme ibn Abdurrahmanyň habar bermegine görä, Jabir ibn Abdulla El-Ansarynyň wahynyň (wagtlaýyn) kesilmegi bilen baglanşykly bolan hadysda (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) şeýle diýipdir: “Bir gün men ýöräp barýarkam, asmandan bir ses eşitdim. Başymy galdyryp, ýokaryk seretdim. Görsem, ol Hira gowagynda meniň ýanyma gelen perişdedi. Perişde asman bilen Ýeriň arasynda bir kürsiniň üstünde otyrdy. Men ony görüp, gaty gorkdum we öýe gelip:
– Meniň üstümi örtüň, meni örtüň! – diýdim. Şondan soň, Allah Tagala şu aýatlary inderdi: “Eý, dona bürenen! Ýeriňden tur-da, (halka) duýdur (ýetir)! Perwerdigäriň beýikligini taryp et! Lybasyňy (ähli hapalardan) päkize tut! Hapaçylykdan gaça dur” {Muddesir: 1-5}.
Şondan soň, wahynyň gelmegi täzeden güýçlenip, yzly-yzyna inip başlady. "