"Bara ibn ‘Azybdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Ilkibaşlarda) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem on alty ýa-da on ýedi aýlap Beýtul-Makdise tarap bakyp, namaz okady. (Ýöne) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Käbä tarap öwrülmekligi arzuw ederdi. (Soňra) Allah Tagala: “(Eý, Muhammed!) Biz seniň (habara garaşyp), ýüzüňi asmana öwürýäniňi görýäris. Biz seni öz razy boljak kyblaňa hökman öwreris. Bes, sen (namazda) ýüzüňi Mesjidi-Harama tarap öwür!” {Bakara: 144}. diýen aýatyny inderdi.
Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Käbä tarap öwrüldi.
Ynsanlaryň içinde käbir bolgusyzlar – ýagny, Ýehudylar “Olary ýönelýän Kyblalaryndan öwren zat näme?” diýerler. (Olara): “Gündogar-da, Günbatar-da Allahyňkydyr. Ol öz islänini dogry ýola gönükdirer” diýip aýt” diýdi {Bakara: 142}.
(Kybla üýtgänden soň), bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen (Käbä tarap seredip), namaz okandan soň (mesjitden) çykyp gitdi. (Ýolda) Beýtul-Makdise tarap seredip, Ikindi namazyny okap oturan Ensarylardan bir kowumyň ýanyndan geçip barýarka, ol adam olara (edil ýaňy) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen namaz okandygyna we Onuň Käbä tarap seredendigine şaýatlyk getirip aýtdy. Muny eşidip, ol adamlar hem ýüzlerini Käbä tarap öwürdiler”.
"
“• Beýtul-Makdis – Mukaddes Öý, Aksa.
• Mesjidi Haram – Käbe
• Ýagny ol adam men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen Käbä tarap öwrülip namaz okadym, diýdi.
”