Ibni Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Käbäniň içine giren wagty, onuň ähli taraplarynda doga-dileg etdi, ýöne tä (Käbeden) çykýança, namaz okamady. Daşyna çykandan soň, Käbäniň öň ýanynda iki rekagat namaz okady we: “Ine, Kybla budur!” diýdi.