395

30-nji bap

395

30-nji bap

395

30-nji bap

Habar berilmegine görä, ‘Amr ibn Dinar şeýle diýipdir: “(Bir gezek) biz Ibnu Omardan (Allah olardan razy bolsun) “Umra (hajy) üçin Käbäniň daşyndan towaf edip, ýöne Safa we Merwe daglarynyň arasynda sa’y etmedik adam aýaly bilen jynsy gatnaşykda bolup bilermi?” diýip soradyk. Ol bize “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (Mekgä) gelip, ýedi gezek Käbä towaf etdi. Soňra Makamy (Ybrahymyň) arkasynda iki rekagat namaz okady we Safa bilen Merwe (daglarynyň) arasynda sa’y etdi” diýdi. Soňra ol bize: “Elbetde, siziň üçin Allahyň Pygamberinde gözel görelde bardyr ” diýdi.

حَدَّثَنَا الحُمَيْدِيُّ، قَالَ: حَدَّثَنَا سُفْيَانُ، قَالَ: حَدَّثَنَا عَمْرُو بْنُ دِينَارٍ، قَالَ: سَأَلْنَا ابْنَ عُمَرَ عَنْ رَجُلٍ طَافَ بِالْبَيْتِ العُمْرَةَ، وَلَمْ يَطُفْ بَيْنَ الصَّفَا وَالمَرْوَةِ، أَيَأْتِي امْرَأَتَهُ؟ فَقَالَ: قَدِمَ النَّبِيُّ ﷺ، فَطَافَ بِالْبَيْتِ سَبْعًا، وَصَلَّى خَلْفَ المَقَامِ رَكْعَتَيْنِ، وَطَافَ بَيْنَ الصَّفَا وَالمَرْوَةِ، وَقَدْ كَانَ لَكُمْ فِي رَسُولِ اللَّهِ أُسْوَةٌ حَسَنَةٌ.

Salgylanma:

“• Sa’y – Safa – Merwe daglarynyň arasynda ýedi gezek gidip- gelmeklige, arasynda-da ylgamaklyga aýdylýar. • Ahzab:21 ”