Habar berilmegine görä, Humeýd şeýle diýipdir: “Bir gezek Meýmun ibn Siýah “Eý, Ebu Hamza! Bir bendäniň ganyny we emlägini haram (gadagan) edýän zat näme?” diýip, Enes ibn Mälikden sorady. (Enes ibn Mälik) “Kimde-kim Allahdan başga hudaýyň ýoklugyna güwä geçýän bolsa, biziň kyblamyza tarap hem öwrülse we biziňki ýaly namaz okasa, biziň soýan mallarymyzdan hem iýse, ol musulmandyr. Indi, musulmanyň peýdasyna edilýän ähli zatlar oňada edilmelidir. Musulmana zyýan berjek ähli zatlar oňa-da edilmeli däldir” diýdi”.