Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Men adamlar tä, “Lä ilähä illallah!” (Allahdan başga hudaý ýok) diýýänçäler, olar bilen söweş etmeklige emr edildim. Eger olar muny aýtsalar we biziňki ýaly namaz okasalar, (biziň bakýan) kyblamyza tarap hem baksalar, mallaryny hem biziň kesişimiz ýaly kesseler, (janyň we malyň) hakyndan başga olaryň ganlary we mallary biziň üçin haramdyr. Olaryň (gizlin eden amallarynyň) hasabyny soramak bolsa, diňe Allahyň (Özüne) degişlidir”.