". Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Elbetde, (Yslam) dini ýeňil bir dindir, (ýöne tagat-ybadatlarym birkemsiz bolsun diýip), özüne zor salýan her bir adamdan welin, bu din üstün çykjakdyr. Şonuň üçin ortaça boluň. (Amallaryňyzy kämil görnüşde ýerine ýetirip bilmeseňiz hem oňa) golaýrak bir ybadat etjek boluň. (Eden amallaryňyz sebäpli beriljek sogaba) begeniň. Günüň başyndan (irden) we soňundan (agşam) hem-de gijäniň bir böleginden (ybadat etmek üçin bu wagtlardan) peýdalanjak boluň”.
"