Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem bir gezek atyndan ýykyldy. Onuň injigi ýa-da pilçesi syryldy. Bir aýlap aýallarynyň ýanyna barmajakdygyna ant içdi. Ol beýik bir (ýerde ýerleşýän) basgançaklary hurma agajyndan bolan otagynyň içinde oturdy. (Bir gezek) sahabalary Onuň ýagdaýyny soramaga baranlarynda, Ol oturan ýerinde namaz okady we (sahabalar bolsa) dik durup namaz okadylar. Salam berenden soň, ol şeýle diýdi: “Elbetde, ymam, yzyna uýup (eýermek) üçin bellenilýändir. Şonuň üçin hem eger ol tekbir alsa, sizem tekbir alyň; rukug etse, sizem rukug ediň; sejdä gitse, sizem sejdä gidiň. Eger dik durup namaz okasa, sizem dik durup namaz okaň” diýdi. Ol ýigrimi dokuz gün bolandan soň, şol ýerden aşak düşdi. Oňa “Eý, Allahyň Resuly! Bir aýlap aýallaryňa ýakynlaşmajakdygyňa ant içipdiň-ä” diýdiler. Ol “(Hawa, ýöne bu) aý ýigrimi dokuz gün” diýdi.