"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem nagyşly bir eşikde (hamisada) namaz okap otyrka, egnindäki eşigiň nagyşlaryna gözi düşdi. Namazyny okap bolandan soň: “Bu eşiklerimi Ebu Jahma eltip beriň-de, onuň /anbijaniýa/ eşiklerini maňa getiriň, çünki ýaňja ol meniň namazymdan ünsümi sowdy” diýdi.
Hişäm ibn ‘Urwanyň kakasy Aişadan habar bermegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (şonda) şeýle diýipdir: “Namaz okan wagtym, onuň nagyşlaryna göz aýladym we onuň meni pitnä düşürip, (azdyrmagyndan) gorkdum”.
"
“• Hamisa – nagyşlar bilen bezelen gymmat baha eşik, ýapynja
• Ebu Jahm ‘Ubeýdulla ibn Huzeýfe – şu eşigi sowgat beren, meşhur sahaba.
• Anbijaniýa – galyň ýüňden dokalan, hiç hili nagyşlary we bezegi bolmadyk eşik
”