"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Allahyň Resuly (söweş etmek üçin) Haýbaryň üstüne çozdy. Biz (Haýbara) golaýrak bir ýerde, daň atmazdan öň, garaňkylykda Ertir namazyny okadyk. Şondan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (atyna) mündi. Ebu Talha-da mündi, men bolsa Ebu Talhanyň yzyna mündüm. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Haýbaryň köçelerinden geçip barýarka, meniň dyzym Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň buduna degdi. Onuň budundan izary açyldy, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň budunyň aklygy häzirem gözümiň öňünden gidenok.
Haçan-da, oba giren wagty: “Allahu Akbär! Haýbar ýok edildi (harap boldy)! Haçan-da, biz bir kowumyň üstünden düşenimizde, “duýduryş berlenleriň säherleri nähili erbet bolar!” diýip, üç gezek gaýtalady.
Enes şeýle diýdi: “Haýbarlylar (ir bilen) öz iş-güýçlerine çykyp başladylar. Olar (musulmanlary görüp): “Ine, Muhammed, ine-de (onuň) goşuny!” diýdiler.
Enes şeýle diýdi: “Biz Haýbary zor bilen aldyk, haçan-da, ýesir düşenleri (bir ýere) jemlänlerinde, Dihýatul-Kelbi (Allah ondan razy bolsun, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň) ýanyna gelip: “Eý, Allahyň pygamberi, ýesirleriň arasyndan maňa-da bir gyrnak beräý!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “Bar, git-de, bir gyrnak alaý” diýdi. Ol baryp, Safiýýa bint Huýaýýy aldy.
Soňra bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Eý, Allahyň Pygamberi! Siz Dihýä, “Kuraýza we An-nadir” taýpalarynyň hojaýyny bolan Safiýýa bintu Huýaýýy berdiňiz. Ol diňe size mynasyp” diýdi. (Muny bilenden soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) “Ony alyp, ýanyma gelsin!” diýdi. (Dihya Safiýýany) getirdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ony görende, Dihýa ýüzlenip: “Sen ýesirleriň içinden başga bir gyrnak al!” diýdi.
Enes şeýle diýdi: “Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ony azat edip, soň özi oňa öýlendi”.
Säbit (Enesden) “Eý, Ebu Hamza, (Pygamberimiz) oňa mähir hökmünde näme berdi?” diýip sorady. (Enes) “Onuň özüni (berdi), sebäbi ony azat etdi we soň oňa öýlendi!” diýdi.
(Enes şeýle diýdi): “Ýolda (yzlaryna gelýärkäler), Umm Suleýim (Safiýýany) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem üçin taýýarlady we gije ony, (Pygamberiň ýanyna) getirdi. Şeýlelikde, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem öýlenýän ýigit boldy.
Ertesi gün irden (ýere) bir deri düşek (saçak) ýazylyp: “Kimiň iýer ýaly zady bar bolsa, ony getirsin!” diýdi. (Şondan soň), kimi hurma getirdi, kimisi bolsa ýagdyr (we şuňa meňzeşleri) getirip başlady.
Bu hadysy rowaýat edenleriň biri “Enes şony gürrüň berende, (getirilen zatlaryň içinde) sawigi hem sanady öýdýärin” diýdi.
Enes soň şeýle diýdi: “Soňra olaryň hemmesini garyşdyryp, “haýs” (diýilýän) nahary taýýarladylar. (Bu bolsa) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň toý (dabarasy) boldy”.
"
“• Haýbar –şol wagtlar ýehudylaryň Medinede ýaşaýan ýeri
• Soffät süresi – 177.
• Meşhur sahaba.
• Ýehudylaryň taýpalary
• Haýbar basylyp alynmazdan öň, Safiýýa “Benu An-nadyr” taýpasynyň lideriniň aýaly bolupdyr.
• Säbit – Enesiň şu hadysy gürrüň beren adamsy.
• Ummu Suleým – Enes ibn Mäligiň ejesi.
”