"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Allah (Öz) ýolunda (jihäde) çykan adam barada oňa kepil bolup şeýle diýipdir: “Ony öýünden çykaran zat diňe Maňa bolan imanyndan, pygamberlerimi tassyk etmekden (ybarat) bolsa, Men ony ýa ejir-sogaplar ýa-da (jihätden) düşen oljalar bilen gaýdyp getirerin ýa-da ony Jennete salaryn”.
Eger-de Men ymmatyma kynçylyk döretdigim bolmasady, onda Allah ýolunda jihäde giden hiç bir goşunyň yzyndan galmazdym we hökman Allah ýolunda öldürilmegimi, soňra direlmegimi, soňra ýene öldürilmegimi, soňra ýene direlmegimi, soňra ýene-de öldürilmegimi arzuw ederdim”. "