Mu’minleriň enesi Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Allah namazy parz eden wagty, adamyň (hemişelik) ýaşaýan ýerinde (öýünde) ýa-da saparda (ýolagçy) bolanda (agşamdan başga namazlary) iki rekagat, iki rekagatdan okamagy parz etdi. Soňra saparda okalýan namazlar (şol iki rekagatlygyna) goýuldy. Emma (hemişelik) ýaşaýan ýerinde, (ýagny öýde) okalýan namazlary bolsa köpeldildi”.