"Şakykdan habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) men Abdulla (ibn Mes’ud) bilen Ebu Musa (El-Aş’arynyň) ýanynda otyrdym. Ebu Musa “Bir adam junub bolsa, bir aýlap hem suw tapmasa, ol adam teýim edip namaz okamaly dälmi näme? (Beýle bolýan bolsa) onda “Mäide” süresindäki “Eger suw tapmasaňyz, päk toprak bilen teýemmum (teýim) ediň! Ýüzleriňize we elleriňize mesh ediň!” {Mäide:6}” aýatyna näme diýjek?” diýip, Ibni Mes’uda sorag berdi. Abdulla oňa “Eger-de muny etmäge rugsat berilse, onda olar suwlary sowuk bolsa-da (täret alman) topraga teýim ederler ýöreler” diýdi. Men oňa “Sen muny diňe şonuň üçin halamadyňmy?” diýip soradym. Ol “Hawa” diýdi.
Ebu Musa soňra (Ibni Mes’uda) “Sen Ammaryň Omara aýdan (şu) sözüni eşitmediňmi nämä?” diýdi. (Ammar şeýle diýipdi): “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem meni bir iş üçin iberdi. (Ýolda) junub boldum, suw tapyp bilmedim. Soňra men edil haýwanlaryň ýerde togalanyşy ýaly togalandym. Soňra muny Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme gürrüň berdim. Ol maňa “Sen şeýleräk edenem bolsaň ýeterlik bolardy” diýip, bir gezek elini ýere urdy, soňra elini silkip, çep eli bilen sag eliniň arkasyna (ýa-da sag eli bilen çep eliniň arkasyna) mesh etdi. Soň bolsa ýüzüne mesh edip görkezdi” diýdi. Abdulla (ibn Mes’ud) oňa “Bilýäňmi sen, Omar Ammaryň aýdan sözi bilen ylalaşmandyr” diýdi.
Ýa’lä, A’maşyň Şakykdan rowaýat eden sözüne şulary goşup getirdi.
Şakyk şeýle diýdi: “(Bir gün) men Abdulla (ibn Mes’udyň) we Ebu Musa El-Aş’arynyň ýanyndadym. Ebu Musa (Ibni Mes’uda):
“Sen Ammaryň Omara aýdan (şu) sözüni eşitmediňmi nämä?: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (bir gün) meni we seni bir iş üçin iberipdi. (Ýolda) junub boldum, soňra topraga togalandym. Soňra biz muny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip gürrüň berdik. Ol şonda bize: “Şeýle edenem bolsaň, ýetik bolardy” – diýip, ýzüne we eline bir gezek mesh edip görkezdi” – diýdi.
"