A’maş şeýle diýipdir: Men Şakyk ibn Selemäniň şeýle diýenini eşitdim, diýdi: “(Bir gün) men Abdulla (ibn Mes’ud) we Ebu Musa (El-Aş’arynyň) ýanyndadym. Ebu Musa (Ibni Mes’uda) “Eý Ebu Abdurrahman, junub bolan adam suw tapmasa, näme etmeli?” diýip sorady. Abdulla oňa “Suw tapýança namaz okamaly däl” diýdi. Ebu Musa oňa “Sen onda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Ammara “(Guma togalanman, eliňi we ýüzüňi bir gezek mesh edenem bolsaň), ýeterlik bolardy” diýen sözüni näme etjek” diýdi. (Ibn Mes’ud) oňa “Omaryň (Ammaryň gürrüň beren zadyna) kanagatlanmandygyny bilmeýärsiňmi näme?!” diýdi. Ebu Musa oňa “Bolýar onda, Ammaryň sözüni goýaly, ýöne sen bu aýata näme diýjek?” diýdi. Abdulla (ibn Mes’ud) näme jogap berjegini bilmän şeýle diýdi: “Bu meselede olara (aňsatlaşdyryp) rugsat bersek, onda olaryň içinde suwy sowuk bolsa-da, (suwa düşmekligi) goýup, teýim edip ýörenleri bolar” diýdi. Men Şakykdan “Abdulla (ibn Mes’ud) şol sebäpden muny halamadymy?” diýip soradym. Ol “Hawa” diýdi.