"Ebu Wailden habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek)
Ebu Musa Abdulla ibn Mes’uddan “(Junub bolan adam) suw tapmasa, namaz okamaly dälmi?” diýip sorady. Abdulla (ibn Mes’ud) oňa “Eger olara muny, (ýagny teýim) etmäge rugsat bersem, onda bir adam (suwuny) sowuk gören wagty hem muny ederdi, ýagny teýim edip, namaz okardy” diýdi. Ebu Musa şeýle diýdi: Men “Hany onda, Ammaryň Omara aýdan sözi nirede?” diýip soradym. Abdulla (ibn Mes’ud) oňa “Meniň pikirimçe, Omar Ammaryň aýdan sözlerinden kanagatlanandyr öýdemok!” diýdi.
"