337

3-nji bap

337

3-nji bap

337

3-nji bap

Al-A’rajdan rowaýat edilmegine görä, ol “Men Ibn Abbasyň ozal azat eden guly bolan ‘Umeýriň şeýle diýenini eşitdim” diýipdir: “Bir gün men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly Meýmunanyň (Allah ondan razy bolsun) azat eden guly Abdulla ibn Ýasar bilen Ebu Juheým ibn El-Haris ibn As-Simmet El-Ensaryny görmäge gitdik. Ebu Juheým şeýle diýdi: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Bi’r Jämäl” tarapdan ýöräp gelýärkä, bir adama gabat geldi. Ol adam salam berdi, ýöne Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň salamyna (edil şol wagt) jogap bermedi. Diwaryň ýanyna baryp, eline we ýüzüne mesh etdi, ondan soň ol adamyň salamyna jogap berdi”.

حَدَّثَنَا يَحْيَى بْنُ بُكَيْرٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا اللَّيْثُ، عَنْ جَعْفَرِ بْنِ رَبِيعَةَ، عَنِ الأَعْرَجِ، قَالَ: سَمِعْتُ عُمَيْرًا مَوْلَى ابْنِ عَبَّاسٍ، قَالَ: أَقْبَلْتُ أَنَا وَعَبْدُ اللَّهِ بْنُ يَسَارٍ، مَوْلَى مَيْمُونَةَ زَوْجِ النَّبِيِّ ﷺ، حَتَّى دَخَلْنَا عَلَى أَبِي جُهَيْمِ بْنِ الحَارِثِ بْنِ الصِّمَّةِ الأَنْصَارِيِّ، فَقَالَ أَبُو الجُهَيْمِ الأَنْصَارِيُّ «أَقْبَلَ النَّبِيُّ ﷺ مِنْ نَحْوِ بِئْرِ جَمَلٍ فَلَقِيَهُ رَجُلٌ فَسَلَّمَ عَلَيْهِ فَلَمْ يَرُدَّ عَلَيْهِ النَّبِيُّ ﷺ حَتَّى أَقْبَلَ عَلَى الجِدَارِ، فَمَسَحَ بِوَجْهِهِ وَيَدَيْهِ، ثُمَّ رَدَّ عَلَيْهِ السَّلاَمَ.

Salgylanma:

“• Medinä golaý ýerleşýän bir guýynyň ady. • Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şol bada salamyna jogap bermediginiň sebäbi, “As-Salam” Allahyň adydyr. Ony täretsiz, ýagny ini haram bolanlygy üçin aýtmak islemedi. Şonuň üçin teýim edip, soňra salamyna jogap berdi. ”