"Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) men Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem bilen bilelikde sapara ýola düşdüm. Haçan-da, Beýda (ýa-da Zatul-Jeýş diýilen ýere) baryp ýetenimizde, meniň (boýnumdaky) monjugym üzüldi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ony gözlemek üçin şol ýerde düşlemeli boldy. Ýanyndaky adamlar hem onuň bilen (şol ýerde) galdylar. Olaryň galan ýerlerinde suw ýokdy. Adamlar Ebu Bekr As-Syddykyň ýanyna baryp, oňa “Aişanyň edip ýören zadyny görmeýärsiňmi? Ol Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellemi we (beýleki ähli adamlary) ýanlarynda suw ýok hallarynda, suwsyz bir ýerde, saklap, ýollaryndan alyp galdy!” diýdiler. (Muny eşidip) Ebu Bekr (meniň ýanyma) geldi. Şol wagt Resulullah sallallahu aleýhi wesellem başyny meniň aýagymyň üstünde goýup, uklap ýatyrdy. Ebu Bekr (maňa käýäp): “Sen Resulullah sallallahu aleýhi wesellemi we adamlary suwlary ýok hallarynda, suwsuz bir ýerde saklap, ýollaryndan alyp galdyň!” diýip gygyrdy.
(Aişa) şeýle diýdi: “Ebu Bekr maňa käýäp, gaharyna diýip bilen zadyny diýdi. Soňra elleri bilen böwrüme dürtüp başlady. Meniň ýerimden gymyldamagyma päsgel berýän ýeke-täk zat, ol hem Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň kellesini aýaklarymyň üstünde goýup, (dynç alyp) ýatmagydy.
Ertesi gün ir bilen Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem oýandy, (ýöne hiç kimde) suw ýokdy. Allah Tagala şonda Teýemmum aýatyny iberdi. Soňra hemme adamlar teýim etdiler”.
Useýd ibn Hudeýr: “Eý, Ebu Bekriň maşgalasy! Bu (eýýäm) siziň ilkinji berekediňiz däldir!” diýdi.
(Aişa) şeýle diýdi: “Soň (ýörejek bolanymyzda), meniň münýän düýämi aýaga galdyranymyzda (ýitiren) monjugymy onuň aşagyndan tapdyk”.
"