"‘Urwadan rowaýat edilmegine görä, Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Biz “Hajjatul-Wada’da” Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen (Medineden haç zyýaratyny etmek üçin Mekgä tarap) ýola düşdük. Biziň içimizde hem umra hajy hem-de (parz) hajy etmegi ýüregine düwüp “telbiýe” aýdanlaram bardy. Mekgä gelenimizde, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize “Kim umra etmek üçin ihrama giren bolsa we ýanynda gurbanlyk maly ýok bolsa, onda umra edenden soň, ihramyndan çyksyn. Kim umra üçin ihramyny baglan bolsa we ýanynda gurbanlyk maly bar bolsa, gurbanlygyny kesýänçä, ihramdan çykmasyn. Kimde-kim (parz) haç üçin ihram baglan bolsa, onda ol hajyny doly tamamlasyn!” diýdi.
(Aişa şeýle diýdi): “Meniň aýbaşym gelip, tä Arafa gününe çenli dowam etdi. Men bolsam, diňe umra hajy üçin ihram baglapdym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa saçymy çözüp, daranyp, (parz) hajy üçin (ihram baglamaklygymy), umrany bolsa goýbolsun etmekli emr etdi. Men (Onuň diýşi ýaly) etdim we Haç edip bolanymdan soň, (Allahyň Resuly) erkek doganym Abdurrahman ibn Ebu Bekri meniň ýanyma goşdy we maňa ozalky umra hajy edip başlan ýerim bolan “Tan’ym”-dan umra hajyny edip başlamagy emr etdi”.
"