Ebu Bekr Es-Syddykyň gyzy Äsmäden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir aýal Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Birimiziň eşigine haýzynyň ganyndan degse, näme etmeli?” diýip sorady. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem): “Eger-de, siziň biriňiziň eşigine haýzynyň ganyndan degse, owkalap (ganyň yzlaryny aýyrsyn), soňra onuň üstünden suw sepip (ýuwsun). Şondan soň, şol eşikde namaz okap biler” diýdi”.