Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Fatyma bint Ebu Hubeýş Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme “Ýa Resulallah! (Bimarlykdan ýaňa) päklenip bilemok, namazymy taşlamalymy, (näme edeýin)?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “Ýok, bu eýýäm aýbaşy gany däl-de, damar ganydyr. Haçan-da, seniň hakyky aýbaşyň (adaty döwrüň) başlanda, namazyňy okama. Soň adaty döwrüň wagty geçip gutarandan soň hem (aýbaşyň gelse), onda ganyňy ýuw-da, namazyňy okaber!” diýdi.