305

7-nji bap

305

7-nji bap

305

7-nji bap

"Habar berilişine görä, Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Biz diňe haç etmek niýeti bilen (Medineden Mekgä tarap) ýola düşdik. Haçan-da, Sarif (diýlen) ýere baryp ýetenimizde, meniň aýbaşym gelip başlady. Men aglap durkam, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýanyma gelip, maňa “Nämä aglaýaň? diýdi. Men “Allahdan ant içýärin, men köp arzuw edipdim, (ýöne) men bu ýyl haç edip bilmeýän!” diýdim. Ol şonda maňa “Seniň aýbaşyň gelip başlan bolmaly” diýdi. Men “Hawa” diýdim. Ol şonda “Elbetde, bu Allahyň Adam (atanyň) gyzlaryna ýazyp goýan bir zadydyr. Haç edýänleriň edýän ähli zadyny senem et, ýöne tä päklenýänçäň Öýe (Käbä) towaf etme!” diýdi. "

حَدَّثَنَا أَبُو نُعَيْمٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا عَبْدُ العَزِيزِ بْنُ أَبِي سَلَمَةَ، عَنْ عَبْدِ الرَّحْمَنِ بْنِ القَاسِمِ، عَنِ القَاسِمِ بْنِ مُحَمَّدٍ، عَنْ عَائِشَةَ، قَالَتْ: خَرَجْنَا مَعَ النَّبِيِّ ﷺ لاَ نَذْكُرُ إِلَّا الحَجَّ، فَلَمَّا جِئْنَا سَرِفَ طَمِثْتُ، فَدَخَلَ عَلَيَّ النَّبِيُّ ﷺ وَأَنَا أَبْكِي، فَقَالَ: «مَا يُبْكِيكِ؟» قُلْتُ: لَوَدِدْتُ وَاللَّهِ أَنِّي لَمْ أَحُجَّ العَامَ، قَالَ: «لَعَلَّكِ نُفِسْتِ؟» قُلْتُ: نَعَمْ، قَالَ: «فَإِنَّ ذَلِكِ شَيْءٌ كَتَبَهُ اللَّهُ عَلَى بَنَاتِ آدَمَ، فَافْعَلِي مَا يَفْعَلُ الحَاجُّ، غَيْرَ أَنْ لاَ تَطُوفِي بِالْبَيْتِ حَتَّى تَطْهُرِي.

Salgylanma:

• Towaf – Käbäň daşyndan aýlanmak