"Ebu Sa’yd El-Hudryden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem gurban (ýa-da Remezan baýramynda baýram) namazyny okalýan ýere gitdi. Ol aýallaryň ýanyndan geçip barýarka, olaryň ýanynda (durup), olara ýüzlenip: “Eý, aýallar! Siz köpräk sadaka beriň, çünki Men jähennemiň içindäkileriniň aglaba böleginiň sizdendigini gördüm” diýdi. Olar “Ýa Resulallah! Näme sebäpden beýle bolar?” diýip soradylar.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara “Çünki siz köp nälet (gargyş) edýärsiňiz, ärleriňiziň (edenini unudyp), olara nä şükür bolýarsyňyz. Men akylly-paýhasly adamlaryň akylyny başyndan alyp bilýän, din we akyl taýdan kem adamlaryň içinde siziň ýaly başga hiç kimi görmedim” diýdi. Ol aýallar “Ýa Resulallah! Biziň akylymyzyň we dinimiziň kemligi nämede?” diýdiler.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara “Eýsem, aýalyň güwäligi (şaýatlygy) erkek adamyň şaýatlygynyň ýarsyna deň dälmi näme? ” diýdi. Olar “Hawa” diýdiler. “Bu olaryň akyl taýdan kemdigini aňladýar. Aýbaşysy gelen wagty hem namaz okamaklygy we oraza tutmaklygy goýbolsun etmeýärmi näme?” diýdi. Olar: “Hawa” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Bu bolsa olaryň dini taýdan kemligini aňladýar ” diýdi.
"
“• Allah Tagala Kuranda şeýle diýýär: “Iki sany erkek adamy şaýat hökmünde tutuň! Eger iki erkek tapylmasa, bir erkek we iki aýal şaýat bolsun!” {Bakara: 282}.
• “Aýallar mydama erkekler ýaly, dini hökümlerini ýerine ýetirip bilmeýärler” diýdigidir.
”