"Al-Magrur ibn Suweýdden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) men Ebu Zerr radyýallahu anhuny , Rebeze (diýen ýerde) edil ýanyndaky gulunyň egnindäki geýen eşigi ýaly eşikde gördüm. Men ondan munuň sebäbini soradym. Ebu Zerr Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem döwründe bir gula sögendigini we ejesi sebäpli, ony kemsidendigini aýdyp berdi.
Şonda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Sende jahiliýýe, (ýagny nadanlyk döwrüniň) häsiýetleri saklanyp galypdyr!” diýdi. “Olar siziň hyzmatkärleriňizdir, ýöne şol bir wagtyň özünde olar siziň doganlaryňyzdyr. Allah olary siziň gol astyňyzda etdi. Eger-de kimiň dogany golunyň astynda bolsa, oňa öz iýen zatlaryndan iýdirsin we öz geýen zatlaryndan hem geýdirsin. Olara güýçleriniň ýetmejek agyr işlerini buýurmaň, eger buýurmaly bolan ýagdaýyňyzda, olara (özüňiz hem) kömek ediň!” diýdi."
• Radyýallahu anhu – (Allah ondan razy bolsun), diýmekOl gara adam Bilal radyýallahu anhudy. Ebu Zerr (Allah ondan razy bolsun) oňa: “Eý garanyň ogly!” – diýipdir.