"Mu’minleriň enesi Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle gürrüň beripdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme wahynyň gelişiniň başlangyjy, ýatyrka düýşünde onuň salyh, gowy düýşleri görmegi bilen başlandy. Onuň görýän düýşleri daň säheri ýaly aýdyň bolup gelýärdi. Soňra onda ýalňyz (ýeke) galmak söýgüsi döredi. Ol Hira gowagynda ýeke galyp, birnäçe gijelerini ybadat bilen geçirerdi. Ol özi bilen gerek zatlaryny alyp, gowaga giderdi. Soňra Hatyjanyň ýanyna baryp, ýene-de ýalňyz galmak üçin özüne zerur gerek bolan zatlaryny alyp gaýdardy. Bu ýagdaý tä oňa Hira gowagyndaka Hak, (ýagny wahy) gelýänçä dowam etdi”.
Bir gün bir perişde gelip, oňa: “Oka!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Men okap bilemok” diýip jogap berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Ol perişde meni gujagyna alyp, tä ysgynym (takatym) gidýänçä gaty gysdy. Soňra meni goýberip, ýene-de: “Oka!” diýdi. Men ýene-de oňa “Okap bilemok” diýdim. Soňra ol meni ikinji gezek gujagyna alyp, tä ysgynym gidýänçä gysyp saklady. Soň ýene-de goýberip: “Oka!” diýdi. Men oňa ýene-de “Okap bilemok” diýdim. Soňra ol meni üçünji gezek hem gujagyna alyp, ysgynym gidýänçä gysyp goýberdi-de: “Eý, Muhammed! Ýaradan Perwerdigäriň ady bilen oka. Ol ynsany gan lagtasyndan ýaratdy. Oka! Seniň Perwerdigäriň fazly-keremi çäksizdir!” diýdi.
Şondan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gorkudan ýaňa titräp, Hatyja bintu Huweýlidiň (Allah ondan razy bolsun) ýanyna gelip: “Meniň üstümi ýapyň, meniň üstümi ýapyň!” diýdi. Tä, gorkusy gidýänçä, onuň üstüni ýapdylar. Soňra bolan zatlaryň hemmesini Hatyja gürrüň berip “Men özümden gaty gorkdum” diýdi. Hatyja oňa “Ýok, beýle däl. Allahdan ant içýärin, Allah seni hiç haçan utandyrmaz, çünki sen garyndaşlaryň bilen aragatnaşygy saklaýarsyň, ejizleriň ýüküni göterip, mätäçlere kömek edýärsiň, myhmana hormat goýýarsyň we adamlaryň başyna gelen ähli kynçylyklaryna döz gelmekleri üçin olara ýardam edýärsiň!” diýdi.
Soňra Hatyja (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi) doganoglany Warakata ibn Nawfal ibn Asad ibn Abduluzzanyň ýanyna alyp gitdi. Ol jahiliýýe zamanynda hristiýan dinini kabul eden, ybrany dilinde hat ýazyp bilýän hem-de Injili Allahyň isledigiçe ybranyça ýazan we şol wagtlar gözleri kör bolup ýaşan bir garry adamdy. Hatyja oňa “Eý, pylan kakamyň ogly, doganyň ogluna gulak asyp, bir diňlesene!” diýdi. Waraka Oňa “Eý, doganymyň ogly, Sen näme görýärsiň?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa gören zatlaryny habar berdi.
Waraka Oňa “Bu, Allahyň Musanyň ýanyna iberen perişdesi Namusdyr. Ah, käşgä men ýaş bolsadym we halkyň seni ýurduňdan çykarjak wagtlary diri bolsadym” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa “Olar meni çykararlarmy?” diýip sorady. Ol “Hawa, henize çenli seniň getiren zadyň, (ýagny diniň) ýaly bir dini (töwhidi) getirip, duşmançylyga uçramadyk hiç bir adam ýokdur. Eger-de men şol günlere ýetsedim, saňa elimden gelen kömegimi ederdim” diýdi. Şondan soň Waraka kän ýaşamady, tiz wagtdan wepat boldy we wahynyň gelmesi-de (wagtlaýynça) kesildi. "