Habar berilmegine görä, ‘Urwa (ibn Zubeýrden): “Aýbaşysy gelýän aýal maňa hyzmat edip bilermi ýa-da aýal junub (ini haram) halynda maňa ýakynlaşyp bilermi?” diýip soradylar. ‘Urwa “Meniň pikirimçe, bularyň hemmesi ýeňil (bir mesele). Bularyň hemmesi hem maňa hyzmat edip biler. Munuň hiç hili zyýany ýokdur, diýdi. Aişa maňa aýbaşysy gelen döwründe hem Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň başyny darandygyny habar berdi. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem şol wagt mesjitdedi. Aişa bolsa aýbaşysy gelen döwründe, öz otagynda bolup, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa kellesini uzadardy, ol bolsa Onuň saçyny darap bererdi”.