Aişadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz diňe haç etmek niýeti bilen, (Medineden) ýola düşdük. Haçan-da, biz Sarif (diýlen) ýere baryp ýetenimizde, meniň aýbaşym gelip başlady. Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem meniň ýanyma geldi we meniň aglap durşumy görüp: “Saňa näme boldy, aýbaşyň gelip başladymy?” diýip sorady. Men “Hawa” diýdim. Ol şonda “Elbetde, bu Allahyň Adam (atanyň) gyzlary üçin ýazyp goýan bir emridir. (Inni sen) Öýe (Käbä) towaf etmekden başga Haç edýänleriň ähli edýän zatlaryny senem et!” diýdi. Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýdi: “Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem aýallary üçin bir sygry gurban berdi”.