"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Ysraýyl ogullary biri-birlerine seredip, ýalaňaç suwa düşerdiler. Musa (aleýhissalam) bolsa ýekelikde suwa düşerdi. Olar “Allahdan ant içýäris, Musanyň biziň bilen suwa düşmeýändiginiň ýeke-täk sebäbi onuň äderligidir ” diýdiler.
Musa bir gezek suwa düşmäge gitdi we eşiklerini bir daşyň üstünde goýdy. Daş onuň eşiklerini alyp gaçdy. Musa onuň yzyndan ylgap: “Eşiklerim, eý, daş!” diýip gygyrdy. Ysraýyl ogullary ony (ýalaňaç) halynda görüp, biri-birlerine “Allahdan ant içýäris, Musanyň (bedeninde) hiç (bir aýby) ýok eken!” diýdiler. Musa eşiklerini aldy we daşy urup başlady”.
Ebu Hureýre şeýle diýdi: “Allahdan ant içýärin, onuň bu zarbyndan ýaňa, daşda (alty-ýedi) sany yz galdy”.
"
“• Ysraýyl ogullary – Ýakup pygamberiň nesli, ýehudylar, ýewreýler.
• Äder – ýumurtgalarynda çiş bolan adam. Şeýle adamlary aýyplap, kemsider ekenler.
”