Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) namaza kamat aýdyldy, dik duran adamlaryň hatarlary düzeldildi. Resulullah sallallahu aleýhi wesellem çykyp, biziň ýanymyza geldi. (Haçan-da, öňe geçip), namaz okamaly ýerinde duran wagty, özüniň junublygy ýadyna düşdi. Ol bize “Ýeriňizde duruň!” diýdi. Soňra gidip, suwa düşüp geldi. Gelende, kellesinden suw damyp durdy. Gelip: “Allahu Akbar!” diýip tekbir etdi we biz onuň bilen namaz okadyk”.