Ibni Abbasdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Meýmuna (enemiz) şeýle diýdi: “(Bir gezek men) Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme gusul eder ýaly suw taýýarlap goýdum. (Ol ilki bilen suwy) ellerine akydyp, ellerini iki ýa üç gezek ýuwdy. Soňra sag eli bilen çep eline suw akydyp, uýat ýerlerini ýuwdy. Soň bolsa elini ýere sürtdi. Soňra agzyny we burnuny ýuwdy, soňra ýüzüni hem-de ellerini ýuwdy. Soň kellesini üç gezek ýuwup, bedenine (suw) akytdy. Soň bolsa duran ýerinden başga ýere geçip, aýaklaryny ýuwdy”.