Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Adamlaryň Allahdan başga hudaýyň ýokdugyna we Muhammediň Allahyň ilçisidigine şaýat bolup, namazlaryny berjaý edip, zekatlaryny hem berýänçäler, Maňa olar bilen söweş etmek emr edildi. Eger-de olar bu işleri etseler, Yslamyň hak-hukugyndan başga (şerigatyň kada-kanunyny bozmadyk ýagdaýlarynda) janlaryny we mallaryny menden gorap, halas etdikleri bolar. Olaryň (gizlin eden amallarynyň) hasabyny soramak bolsa diňe Allah Tagalanyň Özüne degişlidir”.