Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly Meýmunadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem (ini haramlykdan soň gusul etjek wagty, ilki bilen) edil namaza täret alşy ýaly täret aldy. Diňe aýaklaryny ýuwmady. Hapa degen ýerlerini aýryp, uýat ýerlerini ýuwdy. Soňra üstünden suw akytdy. Soň bolsa aýaklaryny bir gyra çykaryp ýuwdy. Ine, onuň jenabatdan (ini haramlykdan) soň gusul edip, ýuwunuşy şeýleräkdi”.