247

79-nji bap

247

79-nji bap

247

79-nji bap

"El-Bera ibn ‘Azybdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, (bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa şeýle diýipdir: “Düşegiňe geçip ýatjak bolan wagtyň, namaz okamak üçin alýan täretiň ýaly täret al, soňra sag tarapyňa ýat-da şu dogany oka: “Allahumme äslämtu wäjhi ileýkä, wä fäwwädtu ämri ileýkä, wä äljä′tu zohri ileýkä, rogbätän wä rohbätän ileýkä, lä mäljä′ä wä lä mänjä minkä illä ileýkä. Ämäntu bikitäbikäl-läzi änzältä wä binäbiýýikäl-läzi ärsältä!” (Allahym! Janymy Saňa tabşyrdym, işimi Saňa tabşyrdym, gorkyňam, umydyňam diňe Senden bolandygy üçin arkamy diňe Saňa söýedim, sygynmak we goranmak üçin ýene Senden başga hiç kimim ýokdur. Inderen kitabyňa-da, iberen Pygamberiňe-de iman etdim). Eger-de (şu dogany okap, şol gije-de) öläýseň, “fitrat” üstünde (ýagny imanly) halyňda (Yslamda) ölersiň. (Ýatmazdan öň) iň soňky aýtjak sözüň hem şu bolsun!” diýdi. (El-Bera ibn ‘Azyb Allah olardan razy bolsun şeýle) diýipdir: “Men bu sözleri Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öňünde gaýtalap başladym we “Inderen kitabyňa-da iman etdim!” sözlerinden soň: “... we Ilçiňe-de (رسولك)” diýdim. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) “Ýok, iberen Pygamberiňe (نَبِيِّك)” diýip aýt diýdi”. "

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ مُقَاتِلٍ، قَالَ: أَخْبَرَنَا عَبْدُ اللَّهِ، قَالَ: أَخْبَرَنَا سُفْيَانُ، عَنْ مَنْصُورٍ، عَنْ سَعْدِ بْنِ عُبَيْدَةَ، عَنِ البَرَاءِ بْنِ عَازِبٍ، قَالَ: قَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «إِذَا أَتَيْتَ مَضْجَعَكَ، فَتَوَضَّأْ وُضُوءَكَ لِلصَّلاَةِ، ثُمَّ اضْطَجِعْ عَلَى شِقِّكَ الأَيْمَنِ، ثُمَّ قُلْ: اللَّهُمَّ أَسْلَمْتُ وَجْهِي إِلَيْكَ، وَفَوَّضْتُ أَمْرِي إِلَيْكَ، وَأَلْجَأْتُ ظَهْرِي إِلَيْكَ، رَغْبَةً وَرَهْبَةً إِلَيْكَ، لاَ مَلْجَأَ وَلاَ مَنْجَا مِنْكَ إِلَّا إِلَيْكَ، اللَّهُمَّ آمَنْتُ بِكِتَابِكَ الَّذِي أَنْزَلْتَ، وَبِنَبِيِّكَ الَّذِي أَرْسَلْتَ، فَإِنْ مُتَّ مِنْ لَيْلَتِكَ، فَأَنْتَ عَلَى الفِطْرَةِ، وَاجْعَلْهُنَّ آخِرَ مَا تَتَكَلَّمُ بِهِ». قَالَ: فَرَدَّدْتُهَا عَلَى النَّبِيِّ ﷺ، فَلَمَّا بَلَغْتُ: اللَّهُمَّ آمَنْتُ بِكِتَابِكَ الَّذِي أَنْزَلْتَ، قُلْتُ: وَرَسُولِكَ، قَالَ: لاَ، وَنَبِيِّكَ الَّذِي أَرْسَلْتَ.