Huzeýfeden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen gezip ýörkäm, adamlaryň zibil taşlaýan ýerine baryp, diwaryň aňrysyna geçip, siziň biriňiziň (dik durşy ýaly) dik durup, peşew edendigini gördüm. Men ondan daşlaşjak boldum, ýöne ol maňa yşarat etdi. Men hem onuň ýanyna baryp, tä Ol (peşewini edip) bolýança, arkasynda durdum”.